Täze gazet. Iki goşgy. Hemme zady ýerbe-ýer ýaly. Okap çykýarsyň, özüne çekmeýär, ynandyrmaýar. Diňe ynandyrmazlygy-da däl, birhili ýakymsyz täsir döredýär.
Näme üçin beýlekä?
Birinjisinde ― agras äheňde aýdylmaly zat degişme äheňinde aýdylypdyr.
Ikinjisinde ― degişme äheňinde aýdylmaly zat agras äheňde berlipdir.
Diýmek, goşgularyň ritmi olaryň temasyna mahsus däl.
Has düşnükli bolar ýaly, öz tejribämden bir mysal almakçy. Megerem, bu mysal başlangyç şahyrlar üçin «görkezme esbap» hökmünde kömek eder.
«Taýmaz baba» poemasyny men ilkibaşda şeýle ritmli setirler bilen başlapdym:
Aýlansaň-da ýüzläp-ýüzläp obany,
Tapaýmarsyň Taýmaz kimin babany.
Onuň gapdalynda epseň dyzyňy,
Aňsat-aňsat küýsemersiň yzyňy.
Bu setirler meniň maňzyma batmady. Nämesi ýetmeýärkä? Kapyýalary-da saz. Bogunlary-da düzüw. Pikirleri-de dogry. Emma bir ýerinde galplyk bar. Özüne çekmeýär, täsir döretmeýär.
Bir gün Aşgabadyň baýyrlarynda gezelenç edip ýörkäm şeýle setirler öz-özünden agzyma geldi:
Aýlansaň-da oba-oba,
Taýmaz ýaly bälçik baba
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň.
Bir otursaň gapdalyndan
Aňsat-aňsat gopaýmarsyň.
Öýümize ylgadym. Poemanyň yzy şaglap gitdi. Indi hemme zat düşnüklidi: eseriň mazmunyna kybap ritmini tapmak gerek ekeni.
* * *
Eserleriňi gysgaltmagy başarmak edebiýatda esasy zatlaryň birimikän öýdýän. Olary golýazma görnüşinde-de, maşynkadan çykanyndan soň hem rehimsiz «kesmegi» başarmaly.
Bu örän agyr zat. Men ony öz tejribämde-de köp synap gördüm: «Ata we ogul» poemasyny gutardym edenimden soň, onuň sekiz ýüz setirini bir zarbada kesdim. «Aýal bagşy» poemasy «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap bolanyndan soň (kitaba girizmek üçin) onuň bäş ýüz setirini peje taşladym. Käbir ýoldaşlarym oňa gynandylar. Elbetde, meniň özüm olardanam beter gynandym.
Ýöne şeýtmek juda gerekdi. Eseriň sagdynlygynyň, kompozisiýasynyň hatyrasy şony talap edýärdi.