Bir sapar Musa pygamberiň halypasy Hydyr adamlara şeýle duýduryş bilen ýüzlenipdir:
― Günlerde bir gün dünýäde ýörite ýygnalan suwdan başga ähli suwlar ýok bolar. Soňra onuň ornuna başga suw geler. Ony içen adamlar aklyndan azaşarlar.
Diňe bir adam bu sözleriň asyl manysyna düşünipdir. Ol suwy başardygyndan köp toplap, ynamdar ýerde gizläpdir. Şeýdip, ol suwuň üýtgemegine garaşyp başlapdyr. Hakykatdan-da, aýdylan güni derýalaryň suwy çekilip, guýular gurapdyr. Ýaňky adam gaçybatalgasyna girip, özüniň taýýarlap goýan suwundan içip başlapdyr. Birnäçe wagt geçenden soňra suw ýene gaýdyp gelipdir. Ýaňky kişi hem adamlaryň ýanyna barypdyr. Şonda olaryň öňkülerinden başgaça gürleýändiklerini, başgaça pikir edýändiklerini, özlerine ozal berlen duýduryşy unudandyklaryny görüpdir. Ýaňky kişi adamlar bilen gepleşjek bolanda, olaryň özüne düşünmän, duşmançylykly garaýandyklaryna, özüni aklyndan azaşan adam ýaly kabul edýändiklerine göz ýetiripdir.
Ol adam başda täze suwa barmagyny hem batyrman, her sapar özüniň aýap saklaýan suwuna gaýdyp gelipdir. Ýöne ahyrsoňy ol hem täze suwdan içmegi ýüregine düwüpdir. Sebäbi özgeleriňkä meňzemeýän hereketi we pikirlenişi onuň ýaşaýşyny çydamaz derejedäki ýalňyzlyga uçradypdyr. Ol täze suwdan gana-gana içip, beýlekiler ýaly adama öwrülipdir hem-de öňki toplan suwuny bütinleý unudypdyr. Töweregindäki adamlar bolsa ony gudrat bilen öz derdinden açylan diwana hökmünde kabul edipdirler.
Gadymy rowaýatlar esasynda taýýarlanyldy.