
Ýakynda Malaýziýanyň Ýokary hökümdary Abdulla II Kuala-Lumpurda başy gökdirän «Merdeka 118» binasynyň açylyş dabarasyny geçirdi. Ol Dubaýdaky Burj Halifadan soň dünýädäki ikinji iň beýik bina bolup, onuň beýikligi 678,9 metre barabardyr.
Öň «Menara Warisan Merdeka» hökmünde belli bolan «Merdeka 118» binasynyň gurluşygy 2014-nji ýylda başlanypdy. Taslama «Fender Katsalidis» we «RSP Architects Planners & Engineers» binagärlik kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi. Baş potratçy hökmünde Koreýanyň «Samsung C&T» korporasiýasy çykyş etdi. Binanyň adyndaky «118» belgi bolsa binada 118 gatyň bardygyny görkezýär. Başy gökdirän bina ideal ýagdaýa getirilmedi: onuň ýokarky bölegindäki «Hyatt» myhmanhanasy şu ýylyň ikinji çärýeginde, syn ediş meýdançasy bolsa dördünji çärýekde açylar.
«TürkmenGazet».