Hormatly Prezidentimiziň geçen Hökümet mejlisinde gol çeken resminamasyna laýyklykda ýurdumyzdan Gyrgyz Respublikasyna 2 müň tonna suwuklandyrylan gazyň ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilmegi berkarar Watanymyzda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgelerdigine doly güwä geçýär.
Kyn gününde gyrgyz halkyny goldap, ynsanperwerlik kömeginiň ugradylmagy ýurdumyzda milli ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde häzirki döwrümizde gadymy döwürden bäri medeni kökleriniň, özara garaýyşlarynyň we parahatsöýüjilikli ýol-ýörelgeleriniň bitewüligi baglanyşykly bolan türkmen-gyrgyz halklarynyň halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär.
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyz dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär we goňşy ýurtlar, şeýle-de sebit döwletleri bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Biz hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlygy mundan beýläk hem ösdürmek ugrundaky işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Dursun BEGENJOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.