Siziň üçin...Slider

Ruhy kämillige ataryjy gudrat

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

31-01-2024 / 2

Ol — Magtymguly Pyragy. Şahyryň sözleri türkmen halky üçin şahyrçylykdan hem ýokary, ruhy kämillige ataryjy gudrat derejesinde kabul edilýär. Magtymguly diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr.

Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biridir. Iki ýarym asyr gowrak wagt bäri türkmen halkynyň dürli syýasy, ykdysady, durmuşy öwrülişikleri başdan geçirendigine garamazdan, Magtymguly Pyragynyň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa, dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň şirwan setirleri halk içinde nakyla, adamlaryň durmuş maslahatçysyna öwrüldi. Beýik filosofyň eserleriniň beýikliginiň bir tarapy onuň her bir şygryndan köptaraply many alyp bolýandygyndadyr. Şonuň üçin ylymlaryň ähli ugurlarynda beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligine orun bar. Şahyr islendik temadaky şygryny — taryhy beýan edende-de, dünýä akyl ýetirende hem jemleýji nokady öwüt beriji, wagyz-nesihat, sargyt ediji häsiýetde goýýar. Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleriniň halkyň dilinde nakyl bolup ýaşamagy onuň beýikligini subut edýän hakykat.

Magtymguly Pyragy — halkyň ruhy şamçyragy, ýürek urgusy. Türkmeniň keramatly topragyna aýagy düşen syýahatçylar, alymlar Magtymguly barada halkyň söýgüsini görkezýän iň bir ýakymly ýazgylary galdyrypdyrlar.

Orazmuhammet ALTYMYRADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener­-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu