Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21 — 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm waka boldy. Biz hem «Günüň dogýan ýurdy» barada gyzykly maglumatlary size hödürleýäris.
Ýaponiýa däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýan ýurt.
Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Her ýyl ýurduň ýaşulularyny hormatlamak üçin milli baýramçylyk “Ýaşululara hormat güni” yglan edilýär.
Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak gerek.
Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.
Gyşyň gazaply sowugyna we köp mukdarda gar ýagýandygyna garamazdan, Ýaponiýadaky otlular hiç hili gijä galmaýar. Ýapon otlulary örän seýrek ýagdaýda sekunt bilen hasaplap boljak derejede gijä galýar.
Ýaponiýanyň Nara şäherinde köçede barýarkaň keýiklere duşmak bolýar. “Keýikleriň şäheri” diýlip atlandyrylýan Narada keýikler adamlardan hiç hili gorkmaýar. Bu ýerde keýige duşanyňyzda oňa haýsydyr bir iýilýän zat uzatsaňyz, olar gorkman eliňizdäki zady iýýär.
«Günüň dogýan ýurdy» uniwersitetleriň 1200-den gowragyny özünde jemleýär.
Arzuw HOJANEPESOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.