
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Hut medeni däpler, milli miras biziň üstünlikli öňe hereket etmegimiziň esasy bolup durýar. Bu babatda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýöredýän ugry örän ýakyndyr» diýip belleýär. Islendik halkyň mirasyny, taryhyny öwrenmek üçin, onuň dilini öwrenmek ýeterlikdir. Sebäbi dil — bu milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr. Muňa ýapon diline ser salanymyzda hem göz ýetirmek mümkin. Ýeri gelende bellesek, Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyplary Merkezi Aziýa dilleri fakultetiniň okuw maksatnamasyna goşulan türkmen dilini öwrenip başladylar.
2016-2017-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň mekdeplerinde ikinji daşary ýurt dili hökmünde ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnama hereket edýär. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we ýöriteleşdirilen orta mekdep açylyp, olaryň maksatnamasyna ýapon dili girizildi.
Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesine ýapon dili dersi girizildi. Ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili kafedralarynyň hereket etmegi, paýtagtymyzyň özünde 12 sany mekdepde ýapon diliniň öwredilmegi iki ýurduň arasyndaky bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha pajarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýanyň Okaýama uniwersitetinde «Türkmen diline giriş» atly uly göwrümli kitabyň neşir edilendigini hem nygtap geçmek gerek.
Ýene bir zady buýsançly bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplary ýapon dilinde neşir edildi.
Türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Begenç ÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



