Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Ýakynda, has takygy, 21 – 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy.
Şu gezekki saparyň maksady dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleridir döwlet edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy. Saparyň barşynda ýapon paýtagtynda — Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa ýapon halkynyň hem kitaba, çeper söze goýýan sarpasynyň ajaýyp şöhlelenmesi boldy.
Sukuba uniwersitetinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleriniň hem gatnaşmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Şeýle-de bu dabara Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitapda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler. Kitabyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm orny beýan edilýär.
Mahym BAÝMURADOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.