Siziň üçin...Slider

Halkyň söýen şahyry

27-01-2024 / 4

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň giň we köpugurly döredijilik dünýäsi ähli okyjylaryň söýgüli eseridir. Çünki beýik söz ussadyň döreden halka ýakyn şygyrlary durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açmak bilen, okyjylara öwüt-ündew berip, olary agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýar.

Özbaşdak döwlet gurmak, halkyň jebisligini we azatlygyny gazanmak, Watanyňy söýmek bolsa şahyryň döredijiliginiň esasy özenini düzýär. Şol sanda edep-terbiýe, görüm-görelde meselesi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly atamyz, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, ene-atany söýmegi, zähmetsöýerligi özüniň ajaýyp şygyrlarynyň üsti bilen wagyz edipdir. Şeýle hem ol setirleriň üsti bilen özüňi medeniýetli alyp barmak, birek-birege hoş söz aýtmak, ýagşylardan görelde almak, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden daşda durmak ýaly ynsan durmuşyny bezeýän häsiýetler köp ündelýär.

Beýik şahyryň käbir setirleriniň halk nakyllaryna öwrülip, dilden-dile geçip halkyň arasynda ýaşap gelýändigini hem aýtmak gerek. Muňa mysal edip:
«Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz» ýa-da
«Aklyň bolsa märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär»
«Saglygyň gadyryn bilgil,
Hassa bolmazdan burun» ýaly setirleri getirip bileris.

Bilim we terbiýeçilik edaralarynda beýik söz ussadynyň watançylyk mowzugyndaky goşgularyny köp ulanyp, olara ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki umman ýaly giň we çuň mana eýe bolan dürdäne setirler ýaş nesle milli ruhda edep-terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir. Şu esasdan hem watanperwer nesilleri kemala getirmekde, hakyky il ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde beýik şahyryň şygyrlary bize ruhy gollanmadyr.

Bossan MÄTKURBANOWA,
Dänew etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu