Duşuşyk pursady. Neneň ajaýyp pursat!
Duşuşyk pursady dowam edýär. Ýigit gyzy kofe içmäge çagyrdy. Teklip kabul edildi.
Gyz geň galdy, ýigit şu pursada çenli bir söz gürlemändi, bu teklip onuň ilkinji sözüdi. Gyz ýigidiň kofe içmäge çagyran teklibine garşy bolmady. Hormat-sylag manyda onuň bilen bäş minut oturmaga razy boldy. Şeýlelikde, ikisi çaýhana girdi.
Ýigit tolgunýardy, ýüregi gürs-gürs urýardy. Hiç zat gürlemeýärdi. Ýigidiň boz-ýaz bolup oturşy gyzy biynjalyk etdi.
Gyz gitmekçi boldy. Soňky pursatda ýigit ony saklady we çaýhananyň ofisiantyny çagyryp:
– Maňa azrak duz getiräýiň, kofeme goşaýjakdym–diýdi. Gyz hem, daş-töweregindäki oturan ýaşlar hem haýran galdylar. Duzly kofe! Nähili geň zat! Duz goşup kofe içmek akyla sygjak zat däldi. Ýigit akylyndan azaşdymyka?!
Ýigit näçe gyzarsa-da, daş-töweregindäki adamlardan, esasan-da, gyzyň ünsünden özüni azat ýaly duýdy we duz goşulan kofeni içip başlady. Synlap oturan gyz:
-Haýran galaýmaly, siziň endigiňiz örän täsin…
-Çagalygym deňziň kenarynda geçdi. Men her gün deňziň kenarynda oýnardym. Deňziň duzly suwunyň tagamy bilen ulaldym. Şu tagamy söýdüm. Kofeme şonuň üçin duz goşup içýärin. Her gezek duz goşamda, çagalygym we bagtyýar maşgalam ýadyma düşýär. Ata-enem häzirem şol deňziň boýunda ýaşaýar. Olary şeýle bir göresim gelýär…
Ýigit gamgyndy. Diňleýän gyz hem tolgunýardy. Garşysynda öz duýgularyny çyn ýürekden düşündirýän, öýüni, maşgalasyny göresi gelýän, öýüm –maşgalam diýýän birgeňsi ynsan otyr. Duýguly ynsan…
Gyz şeýle ynsan bilen gürrüňdeş bolýandygyna şatdy. Ol hem gürrüň bermäge başlady. Onuň öýi hem uzaklardady. Edil çagalygy ýaly. Ol hem maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Bu gürrüňdeşlik biri-birine teşne kalplarda söýgi döretdi.
Duşuşmagy dowam eden iki ýaş juwanyň söýgi kyssasy edil ertekilerdäki ýaly tamamlandy. Perizat öz şazadasyna gowuşdy. Ýaşlar toý tutdular. Ömürleriniň ahyryna çenli bagtyýar ýaşadylar. Perizat kofe taýýarlasa, içine az-kem duz goşýardy, hawa, ömürboýy şeýle hem etdi. Neneň etmesin, şazadasy duzly kofeniň aşygydy.
Aradan 40 ýyl geçdi. Ýigit dünýäden gaýtdy. Öz perizadyna bir hat galdyrdy. Hatyň mazmuny şeýledi: “Ezizim, ýeke-tägim. Haýyş edýärin, meni bagyşla. Durmuşymyz bir ýalan sözüň üstünde gurlupdy. Ol meniň durmuşymdaky birinji we ahyrky sözlän ýalan sözümdi. Bagyşla. Duzly kofe gürrüňini ýatlaýaryn.
Ilkinji duşuşygymyz ýadyňa düşýärmi?! Şonda örän tolgunypdym, şeker diýmegiň ýerine duz diýipdirin. Hemmäňiz maňa haýran galypdyňyz. Ýalňyşypdyryn diýip aýtmaklyga utanyp, ýalan sözümi dowam etmeli boldum. Bu ýalan sözüň biziň gatnaşygymyzyň açjakdygyny hyýalyma-da getirmändirin. Tötänleýin bolupdy. Soň saňa aýtjak bolup niçe gezekler jan etdim. Başarmadym. Seni öýkelederin öýtdüm we seniň barybir meniň bilen bagtlydygyň, maňa durmuşa çykyp ýalňyşmandygyňa bolan buýsanç meni rahatlandyrypdy.
Indi bolsa maňa gorkara zat ýok. Meniň hakykatym şudur. Men duzly kofeni halamaýaryn. Onuň tagamy ajy. Emma duzly kofe içip gezendigime hem ökünmeýärin. Meniň bagtymyň açary bolan duzly kofeden men hemişe minnetdar.
Eger dünýä gaýtadan gelmeli bolsam, seniň bilen ýaňadan tanşardym we ýene soňky demime çenli seniň bagtyň üçin ýaşardym. Gerek bolsa, ikinji durmuşymda hem bütin ömrümde duzly kofe içmäge taýýar. Bagyşla ýarym…”
Haty okap, garry enäniň gözýaşlary püre-pür boldy. Ol hem bu geçiren durmuşyna ökünmedi, şu pursada çenli bagtly boldy, ýigit ony soňky demine çenli bagtly edipdi ahyry. Duzly kofe iki ýaş juwanyň bagtynyň açarydy bolupdy.
Haçan-da nebereleri babasynyň içen duzly kofesiniň tagamy bilen gyzyklananda, garry ene tolguna-tolguna şu sözi diýýärdi:
-Ol kofe örän tagamlydy!…