Radioýaýlymyň işi hernäçe hysyrdyly bolsa-da, özüne ýetik lezzeti bar. Men muňa işe başlanymdan soň has anyk göz ýetirdim. Eliňe galam alyp, kalbyň joşgunyny kagyza geçirmegiň, ony mahmal owazly alypbaryjylardyr artistleriň kömegi bilen halka ýetirmegiň aýratyn lezzeti bar.
Ine, şeýle lezzetli hem hysyrdyly iş günleriniň birinde ýolbaşçymyz täze bir radiooýnuň edebi esasyny ýazmagy maňa ynandy. Birbada ýaýdananam bolsam, ony wagtynda ýetişdirdim. Şeýdibem, ýolbaşçylarymyzyň göwnünden turmagy başardym. Emma esasy waka heniz öňde ekeni…
Radiooýnuň ýazgy edilmeli güni baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetirmeli Allaguludan galan artistler bellenilen sagatda ýazgy studiýasyna ýygnanyşdylar. Wagt geçip durdy. Allaguludan bolsa habar ýokdy. Birdenem ýazgy studiýasyna jaň geldi. Telefony radiooýnuň ses režissýory Döwlet aga galdyrdy:
— Alo, Allaguly, senm-aý bu?! Geleňokmy, şunça bolup saňa garaşyp otyrys-a. Näme-e? Gelip bilemok. O-how, o nähili gelip bileňok? Näme-e? Ýolbaşçymyzyň habary bar, mensiz ýazgy edäýiň diýýäňmi?! Sen bu radiooýnuň baş gahrymanynyň keşbini janlandyrmal-a how, baş gahrymansyz nähili ýazgy edip bolar?
Döwlet aganyň gürrüňini eşidip, üstümden gaýnag suw guýlana döndüm.
Ýeri indi näme etmeli?! Bir artist gelmedi diýip, beýlekileri yzyna gaýtarmak gelşiksiz bolar-a?! Baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetirjegi gyssagarada nireden tapmaly?!
Bir elim bilen tekstimi gujaklap, beýleki elimdäki galamymy dişläp, däliziň ugrunda iki ýana ýöräp ýörşüme, aňymdaky pikiri daşyma çykarypdyryn:
— Maňa gerek baş gahrymany indi nireden tapmaly?
Şol pursat bir ýigit duýdansyz geldi-de:
— Ine, men. Heý-de, menden gowam bir baş gahryman bolarmy? Men seniň baş gahrymanyň! — diýdi.
Şol pursat ol ýigide şeýle bir ýiti nazar bilen seretdim, ol garaýşymdan çekindimi, nämemi, gürleýiş äheňini dessine üýtgetdi:
— Neme, men siziň radiooýnuňyzy göz öňüne tutup aýdaýdym. Ýaňy Allaguly jaň edip gelip bilmejegini, ýerine meniň okap bermegimi haýyş etdi. Menem öz işleýän radioýaýlymymyň işlerini birýüzli etdim-de, bärik gaýdyberdim.
Ýazgy studiýasynyň gapysy açyk bolansoň, gürrüňi eşidip oturan Döwlet aga dälize çykdy:
— Geleniň gowy zat, ýöne heniz tanyş bolup görmedik keşbiňi nädip ýerine ýetirjek?
— Bagyşlaň, artistiň esasy ukybam şonda-da. Eger garşy bolmasaňyz, synanyşyp göräýeýin.
Başga çykalgamyz bolmansoň, Döwlet aga soragly nazarymy dikdim. Olam makullaýjy äheňde baş atdy. Ýazgy başlandy. Ol ýigidiň mahmal sesiniň owazy özüne çekijidi, ýakymlydy, üstesine, keşbini şeýle bir çynlakaý janlandyrýardy welin, tüýs baş gahryman-da!
Döwlet aga begenjini daşyna çykardy:
— Tüweleme, bu ýigid-ä ussat eken. Eser, hamala diýersiň, şu ýigide ýöriteläp ýazylan ýaly. Berekella!
Ýazgy tamamlanandan soň, sagbolsun aýtmak üçin ýanyna bardym. Ol: «Sag boluň!» diýdi-de, deňimden geçip gitdi. Men onuň adynam sorap ýetişmändim. Ýöne oňa derek özümçe «Baş gahrymanym» diýip at goýupdym. Kärdeşlerimiň arasynda ol hakda gürlejek bolsam: «Baş gahrymanym bar-a» diýip söze başlardym.
Şeýdip şol günden soň radioýaýlymdan onuň okaýan gepleşiklerini diňläp başladym. Ynsana zehin ylahydan berlende, belki, şeýle bolýandyr. Onuň sesi beýleki alypbaryjylardan düýpgöter tapawutlanýardy. Diňe sesi däl, artistlik ukybam diňleýjileriň ünsüni çekýärdi.
…Muňa ykbalyň oýny diýjekmi ýa durmuş synagy diýjekmi, bilmedim, ýöne maňa ynanylan radiooýnuň şowly bolandygyny aýtdylar. Şol ýekeje eserem biziň durmuşymyzy düýpgöter özgertdi. Hawa, düýpgöter özgertdi. Wagtyň geçmegi bilen ol ýigit diňe bir radiooýunlarymyň däl, hatda ykbalymyňam baş gahrymanyna öwrüldi.
Käbe SARENKO.