Dünýäde limon ösdürip ýetişdirmekde öňdeligi eýeleýän Hindistanda ýylda 3 million tonna limon hasyly alynýar.
Limon şiresiniň 5 göterimi kislotadyr.
B.e. öňki II asyrda limon ösdürip ýetişdirmek Italiýadan tutuş Ýewropa, soňra 700-nji ýyllarda Eýrana, Yraga, Müsüre, Palestina we Demirgazyk Ýewropa ýaýrapdyr. Adamlara her gün 139 kaloriýa C witamini gerek, bir limondaky C witamini ortaça 22 kaloriýa töweregi.
C, B6, A, E, niasin, tiamin, kalsiý, mis, magniý, demir, fosfor, sink, polat we belok ýaly maddalara baý limon güýçli antioksidant çeşmesi we immun ulgamyny güýçlendiriji miwedir.
Maglumatlara görä, 2003-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «dünýädäki iň agyr limon» hasaba alyndy. Ysraýylyň Kefar Zeitm fermasynda ösdürilip ýetişdirilen miwäniň agramy 5 kilogram 265 gram boldy.
Dünýäde iň köp limon öndürýän 5 ýurt: Hindistan, Meksika, Hytaý, Argentina we Braziliýadyr.
Gadymy döwürde limon gaty seýrek bolany üçin patyşalara sowgat hökmünde berlipdir.
Limon suwy mör-möjekleri daşlaşdyrýar. Miwedir gök önümler kesilenden soňra garalýar. Munuň öňüni almak üçin olary limonly sowuk suwda goýmak maslahat berilýär.
Limon agaçlary her ýyl 600 litr limon suwuny öndürýär. Fewral we mart aýlarynda Fransiýanyň Riwer şäheriniň Menton şäherçesinde her ýyl limon baýramy bellenilýär.
Limonyň kislotaly we süýji görnüşi bar. Kislotaly limon täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilýär, süýji limon bolsa bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär.
Limon agajynyň ömri 50 ýyla çenli bolup, ýazda gülleýär, tomusda miwe berip başlaýar, güýzde we gyşda bolsa ýaşyl reňkli miweleri saralýar. Limon miweleri gülläninden 4-12 aý aralygynda bişýär. Limon agajy 3-5 ýyldan soň miwe berip başlaýar.
Kakajan HOJAMUHAMMEDOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.