Galam bilen derdeş bolup gijeler,
Ak kagyz ýüzüne nagş edip ýazdym.
Yşkym hasratlara boýun egen çagy,
Derdiňi derdime bagş edip ýazdym.
Sabrym derýa boldy kenara akyp,
Hyýalda gül ýüzli ýaryma bakyp.
Göwnümiň näzijek taryna kakyp,
Galamy göwnüme batyryp ýazdym.
Baksam her ýan owaz etse durnalar,
Ýyllar geçip pikirlerim durlanar.
Umytsyz tümlükde halys surnugan,
Wysalsyz arzuwa nur bolup ýazdym.
Syra dönen yşkym bolupdyr aýan
Kemsinmesin arzuw öçmesin hyýal,
Wagt bagta ýetsin geçse-de haýal.
Bagtymy wagtyňa bagş edip ýazdym.
Gunça Orazowa,talyp.