SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýürekleri ýakynlaşdyrýan ýol

24-01-2024 / 16

Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda amala aşyrylan syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklarda sebitleri we yklymlary birleşdiren aragatnaşyk ýollarynyň uly ähmiýete eýe bolandygy bize mälimdir. Söwda-ykdysady gatnaşyklar halkara derejesine eýe bolup, Beýik ýüpek ýoly diňe bir söwdagärler däl, eýsem diplomatlar, syýahatçylar we zyýaratçylar tarapyndan hem giňden ulanylyp başlapdyr. Netijede, Gündogar bilen Günbataryň arasynda syýasy we söwda-ykdysady maksatlardan başga-da, ruhy-medeni ugurlarda gatnaşyklary alyp barmak üçin hem giň mümkinçilikler açylypdyr.

Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolup, onuň merkezi logistika düzümi biziň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýär. Bu ýollar halklaryň we ýurtlaryň özara ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda özara düşünişilmegine hem-de hyzmatdaşlyga, özara gatnaşyklaryň ygtybarly binýatlarynyň döremegine ýardam berýär.

Hytaý — Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaşy. Gadymy wagtlarda we orta asyrlarda Hytaýyň merkezi etraplaryndan başlap, Aziýanyň sähralyklarynyň, deňizleriniň, çölleriniň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarlarynyň portlaryna çenli baryp ýeten Beýik Ýüpek ýoly işjeň duşuşyklar we gepleşikler üçin örän uly mümkinçilikler berip, ajaýyp siwilizasiýalary özara baglanyşdyrypdyr. Bu ýoluň çatrygynda ýerleşen biziň ýurdumyz hem geografiki taýdan amatly ýerleşendigi sebäpli, bu ugurda uly orun eýeläpdir. Çünki, bu ýoluň esasy bölegi türkmen topragyndaky şäherleriň üstünden geçipdir.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda baryp şol döwürler ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda netijeli ýagdaýda ösdürilýär. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda depginli işler alnyp barylýar. Bu amala aşyrylýan işler birinjiden, taryhy ýoluň gaýtadan dikeldilmesini, ikinjiden, sebitleriň arasyndaky bar bolan gatnaw ugurlaryň düýpli köpugurlaşdyrylmasyny aňladýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçirilendigini hem bellemek möhümdir.

Beýik Ýüpek ýoly döwrüniň taryhy ýurdumyzda ýüzlerçe ýadygärlikleri galdyrypdyr. Ol ýadygärlikler türkmeniň milliliginden, ruhy baýlygyndan, ussatlygyndan, edermen hem batyrgaýlygyndan habar berýär. Milli Liderimiz asyrlardan-asyrlara aşan täsirli rowaýatlardyr hekaýatlar arkaly ol ýadygärlikleri «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin beýan edýär. Şol gürrüňler gadymy döwrüň ýaşaýşyny göz öňünde janlandyrmaga, taryhy we däp-dessurlary bilen tanyşmaga ýardam berýär.

Günhan SOPYÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu