
Dünýä tejribesinde milli innowasiýa ulgamynyň birnäçe nusgalary bar. Olaryň hatarynda Ýewroatlantik, Gündogar Aziýa, alternatiw we «üç spiral» görnüşleri aýratyn tapawutlanýar.
Ýewroatlantik nusgasyna degişli ýurtlaryň kompaniýalary düýpli ylmy barlaglardan başlap, önümleriň öndürilişine we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine çenli innowasiýa ulgamynyň ähli ugurlaryny özüne birleşdirýär.
Gündogar Aziýa nusgasyna girýän ýurtlarda tehniki innowasiýalar, täze tehnologiýalar kompaniýalaryň ylmy-barlag merkezlerinde döredilýär. Alternatiw nusgasyna bolsa ylmy-tehnologik ösüş derejesi pes bolan ýurtlar degişlidir. Bu nusga düýpli we amaly ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, ýokary tehnologik önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagyň pes görkezijiligi bilen häsiýetlendirilýär.
«Üç spiral» nusgasy döwletiň, uniwersitetleriň we işewürligiň özara berk arabaglanyşygy esasynda ýüze çykýar. Bu nusga uniwersitetleriň ýanynda tehnologiýalar merkezleriniň hereket etmegi, döwletiň maýa goýujynyň wezipesini ýerine ýetirmegi, işewürligiň bolsa bilim bermek işine gatnaşmagy ýaly tapawutly aýratynlyklar mahsusdyr.
Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlarda innowasiýa ulgamynyň «üç spiral» nusgasy ýörgünlidir. Dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem milli innowasiýa ulgamyny ösdürmekde «üç spiral» nusgasyna eýermäge çalyşýar.
Häzir bolsa alymlar innowasiýa ulgamynyň has ösen, çylşyrymly hasaplanýan «dört spiral» we «bäş spiral» nusgalarynyň üstünde işleýärler. «Üç spiral» nusgasyndan tapawutlylykda, «dört spiral» nusgasy jemgyýetçiligi öz içine alýar. «Jemgyýetçilik» diýlip, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, döredijilik senagatyna, medeniýete, gymmatlyklara, durmuş ýörelgelerine, sungata, döredijilik toparyna düşünilýär. Ylym we bilim (uniwersitetler we ylmy-barlag edaralary); ykdysady gurşaw (senagat, hyzmatlar ýaýrawy we ş.m.); durmuş-ykdysady, şol sanda innowasion ösüşi kesgitleýän döwlet we syýasy institutlar; jemgyýetçilik (medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri) «dört spiral» nusgasynyň özenini düzýär.
Taýýarlan: Sapargül GURBANMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



