Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndaky 205-nji sany bu neşiriň aýratyn bir ýörite sany hökmünde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlandy we bu ýylyň şygarynyň milli nyşany bilen neşir edildi.
Žurnalyň nobatdaky sanynyň birinji sahypasynda Magtymguly Pyragynyň we 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheriniň taryhy ýadygärlikleriniň suraty bar.
«Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») žurnalynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan ýörite sanynyň ilkinji ýazgysy bu halkara neşiriň baş redaktory, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömeroglunyň «Baş redaktordan» («Editörden») atly sözbaşysy bilen başlaýar. Sözbaşyda awtor türkmen halkyny we tutuş türki dünýäsini Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly hem-de beýik türkmen akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlap, özüniň ýürek buýsanjyny ýakymly sözler bilen örän çeper beýan edipdir. Ondan soňra bolsa, žurnalda Magtymgulynyň Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusy türk dilinde çap edilipdir.
«Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan nobatdaky 205-nji sanynda beýik akyldaryň ömri we döredijiligi barada Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän türki halklaryň ýazyjy-şahyrlarynyň we alymlarynyň ýazgylary – Türkmenistanly türkmen alymlary Berdi Saryýewiň «Magtymguluda pikir, akyl, göwün düşünjeleri» («Mahtumkulu’da fikir, akıl, gönül kavramları»), Tagandurdy Bekjäýewiň «Magtymgulynyň eserlerinde frazeologik görnüşler» («Mahtumkulu Eserlerinde Frazeolojik Varyantlar») atly makalalary türk dilinde, Ata Gylyjowyň «Ynsan kalbyny ýagşylyga çoýan şahyr», Gurbanjemal Ylýasowa «Magtymguly we dünýä alymlary» atly makalalary türkmen dilinde, eýranly türkmen ýazyjylary Ogulmaýa Semizade Saparowanyň ««Dünýä baş gündür» biliň…» (««Dünya beş gündür» bilin…»), Abdurahman Dewejiniň «Türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň diwanyndaky ölçeg görnüşleri» («Türkmen klasik şairi Mahtumkulu Feraği’nin divanındaki ölçü türleri») atly makalalary türk dilinde, owganystanly türkmen alymy Mohammad Bashir Ýawaryň «Owganystanda Magtymgulunyň öwrenilişi» («Afganistanda Mahtumkulu’nun Öğrenilişi») atly makalasy türk dilinde, türk alymlary Ahmet Bijan Erjilasunyň «Magtymguly – sözüň ganatlarynda uçan şahyr» («Sözün kanatlarında uçan şair: Mahtumkulu», Melek Erdemiň «Magtymgulynyň şygyrlarynda öwüt we ahlak nukdaýnazary» («Mahtumkulu’nun Şiirlerinde Öğüt ve Ahlak Anlayışı», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň hem-de Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi Ramyz Askeriň «Magtymguly biçäre» («Mahtumkulu biçare»), Nergis Biraýyň «Türki dünýäsinde medeni hyzmatdaşlygymyz we Magtymguly» («Türk dünyası, kültürel kodlarımız ve Mahtumkulu»), Berdi Saryýewiň «Magtymguluda pikir, akyl, göwün düşünjeleri» («Mahtumkulu’da fikir, akıl, gönül kavramları»), Emrah Ýylmazyň «Magtymguly – sözi bilen dünýäni gezen şahyr» («Sözüyle dünyayı dolaşan şair: Mahtumkulu») atly makalalary çap edildi.
Pursatdan peýdalanyp, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») žurnalynyň baş redaktory Ýakup Ömerogluna we türki halklaryň ýazyjy-şahyrlary üçin niýetlenilen bu halkara neşiriniň döredijilik işgärlerine «Kardeş kalemler» («Gardaş galamlar») halkara žurnalynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndaky 205-nji sanyny bu neşiriň aýratyn bir ýörite sany hökmünde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlandyklary, beýik türkmen akyldarynyň şahyrana eserlerine goýýan çäksiz hormatlary üçin türkmen okyjylarynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.