SliderŽurnalistiň sahypasy

Terbiýeçi we çaga terbiýesi

22-01-2024 / 47

Çagalary terbiýelemegiň özboluşly aýratynlyklary bar.

Ilki bilen, terbiýeçiniň, mugallymyň çaganyň sylaýan, hormatlaýan ynsany bolmagy möhümdir. Şonuň netijesinde körpeje terbiýeçiniň diýenini ýadynda saklaýar, hereketlerine gözegçilik edýär. Munuň üçin çagalar bilen gürleşilende hoşgylaw, mähriban bolmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Çaga özüniň ynanan adamy bilen gündelik wakalary, öwrenen täzelikleri barada söhbet etmäge başlaýar. Şu ýerde terbiýeçi çaga bilen özbaşdak işlemegiň usullaryndan peýdalanyp biler. Körpäni gyzyklandyraýjak özbaşdak ýumuşlary tabşyryp biler.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän hünärmenlerimiz, ýagny terbiýeçilerimiz we mugallymlarymyz körpelere terbiýe, sowat öwretmegiň inçe usullary bilen işleýärler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sowat öwretmek, sözleýiş medeniýetini ösdürmek, iňlis dili, ýönekeý hasaplamalary hem-de daşky gurşawy goramagy öwretmek we beýleki sapaklar boýunça çagalaryň gyzyklanmalary artdyrylýar. Sapaklary gyzykly guramakda dürli usullardan peýdalanylýar. Sapaklary ertekiler dünýäsiniň gahrymanlarynyň we çagalaryň durmuşda tanamak isleýän jandarlarynyň, ösümlikleriniň üsti bilen guramak has hem täsirlidir.

Mysal üçin, ýönekeý hasaplamalary öwretmekde çagalara slaýd şekilleri görkezmek täsirli bolýar. Slaýdlarda bolsa erteki gahrymanlaryny, çagalary täze jandarlar bilen tanyşdyrmak ýaly mümkinçilikleri hem döredip bolýar, ýagny slaýd şekillerine çagalar üns bilen seredýärler. Terbiýeçi slaýdda nämeleriň bardygyny ilki özi tanyşdyrýar. Berlen gyzykly soraglar boýunça çagalar terbiýeçiniň beren gürrüňini yzarlaýarlar we slaýddaky şekilleri sanaýarlar. Körpeler slaýd boýunça düzülen mysala dogry jogap bermegi başarýarlar.

Çagalar bilen sapak guralanda sorag-jogap görnüşinde sapagy geçmek has möhüm bolup durýar. Çünki çaganyň ünsüni yzygiderli özüňe çekmek peýdalydyr.

Haltäç ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyñ 5-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu