Siziň üçin...Slider

Magtymguly Pyragy, adyň dillerde dessan!

20-01-2024 / 20

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, beýik maksatlar bilen gadam basan täze — 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar.

Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Muny tutuş türki dünýäde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçmegi, hut geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly we neşir görnüşinde şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» hem-de has doly we kämil derejede «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, şahyryň şygyrlaryny daşary ýurt dillerine terjime edip, onuň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri çap etmek, edebi mirasyny toplamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr, dünýä akyl ýetirmegiň beýik nusgasydyr. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Dünýägözel BABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 117-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu