Siziň üçin...Slider

Garyplyk we baýlyk

Tymsallar düwünçeginden

20-01-2024 / 4

Garyplykdyr Baýlyk ikisi bir adamyň ýanyna gelip, oňa:

— Biziň haýsymyz has owadan? — diýen sowal bilen ýüzlenipdirler.

Bu sowal ýaňky adamy alada goýupdyr. “Eger Garyplyk owadan diýsem, Baýlyk menden öýkelär-de, meni terk eder. Baýlyk owadan diýsem bolsa, Garyplyk menden gaty görer hem-de maňa ejir berer” diýip oýlanypdyr. Soňra bolsa ýagdaýdan çykalga tapmak üçin olara şeýle teklip edipdir:

— Siz bir duran ýeriňizde dursaňyz, men belli bir karara gelip bilmeýärin. Gowusy, siz eýläk-beýläk ýöräň!

Garyplyk bilen Baýlyk onuň aýdany bilen bolupdyrlar. Olary içgin synlap oturan adam ahyrsoňy belli bir netijä gelip, şeýle diýipdir:

— Sen, Garyplyk, aňyrlygyna giden wagtyňda arka tarapyňdan örän owadan görünýäň. Baýlyk, sen bolsa, bärligine gelýän wagtyň örän ajaýyp.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu