Habarlar

Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler

19-01-2024 / 4

Türkmenistanyň Bilim ministrligi mekdep okuwçylaryny 2024-nji ýylyň 25–31-nji marty aralygynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag şäherinde geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara matematika olimpiadasy «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» amal etmek, milli bilim ulgamyna täzelikler girizmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we Türkmenistanyň bilim ulgamyny dünýä ylmy-bilim giňişligine birikdirmek maksady bilen geçirilýär. Ol mekdep okuwçylarynyň başarnyklaryny, endiklerini we zehinlerini ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek we intellektual ösüşi bilen baglanyşykly hünäri saýlamak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam eder.

Olimpiada «A» we «B» toparlary boýunça ýekebara ýaryş görnüşinde bir tapgyrda geçirilýär. Olimpiada «A» toparda okuwçylar, onuň geçýän döwründe öz ýurdundaky orta mekdebi tamamlanyna bir ýyl bolmadyk, heniz 20 ýaşy dolmadyk we orta ýa ýokary okuw jaýlarynyň talyby däl mekdep uçurymlary, «B» toparda bolsa 15 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylar gatnaşyp bilerler. Iki dereje boýunça-da gatnaşýanlaryň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiada bir tapgyrdan ybarat bolup, onda mekdep okuwçylaryna (gatnaşýanlara) 5 mesele hödürlener we olary çözmek üçin 5 sagat wagt berler. Olimpiada gatnaşýan ýurtlar ýaryş üçin 3 mesele tabşyryp bilerler. Teklip edilýän meseleler 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli jikme-jik çözgütleri bilen guramaçylyk komitetine iberilmelidir. Olimpiada gatnaşmak isleýänler we topar ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 11-nji martyna çenli hasaba alynýar.

Olimpiadanyň netijeleri toplanan şahsy we topar utuklarynyň jemleri boýunça kesgitlenýär. Olimpiadanyň ýeňijileri altyn, kümüş, bürünç medallar we 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli degişli diplomlar bilen sylaglanar. Bir meseläni doly çözen, ýöne baýrakly ýeri gazanmadyk okuwçy Hormat haty bilen sylaglanýar.

Habarlaşmak üçin, telefon belgileri we e-mail salgysy:

+99312 448409, +99312 398550, +99365809906; 

met.ssimo@gmail.com

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu