Günüň dowamynda azyndan 2 litr suw içmegiň saglygymyz üçin örän möhümdigini bilýäris. Ýöne kynçylyk çekýän bolsaňyz we muny gazanyp bilmeseňiz, öýde hoşboý ysly suw ýasap bilersiňiz.
Hyýar suwy
Limon, hyýar, narpyz, reýhan ýa-da petruşka ulanyp, özüňiz üçin detoks suwuny taýýarlap bilersiňiz. Bir limony inçejik dilimläp, täze narpyz bilen garyň. Soňra petruşkany arassalap, ony şahalary bilen ulanyň. Soňra 2 sany orta ölçegli hyýary dilimläň. Ähli önümleri çüýşe gabyňyza salyň we üstüne 2 litr suw goşuň. Yslar suwa geçensoň, ony şol gün içip bilersiňiz.
Darçyn we ýapyk suw
2 litr suwa iki darçyn taýagy we 3-5 sany ýorunja tohumy goşup, özüňiz üçin ajaýyp detoks suwuny taýýarlap bilersiňiz. Isleseňiz, bu garyndynyň içine alma dilimlerini hem goşup bilersiňiz. Günüň dowamynda taýýarlan suwuňyzy içiň.
Ananas suwy
Gabykly ananasyň ýarysyny ýarym aý şekillerine bölüň. Soňra beýleki bölegini bolsa başam barmagyň ululygynda inçejik dilimläň. Ähli maddalary bir gaba alanyňyzdan soň, 2 litr suw goşuup, bu ysly suwy günüň dowamynda içmäge çalşyň.
«TürkmenGazet».