Göwün küýsegiSlider

Söýgüde ädigem zerur…

Söýgüli şahyrymyz Çary Ýegenmyradowyň döredijilik ummanyndan bir parça

18-01-2024 / 57

Söýüp söýülmeseňem…

Kysmatyňy düzetmersiň el bilen,
Şol sebäpli, gynanmagyn birjigem.
Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,
Görjegi gowudyr sen deý selbileň,
Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.

Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,
Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada.
Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,
Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,
Gül gözläp gideniň bolmaz ýazgydy.

Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam,
Ýitigini gözlär, gider soraga.
Başga hiç zat girip bilmez gursaga.
Seniň borjuň — mertebäňi gorama,
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.

Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,
Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.
Agy bar ýerinde şirin sazam bar,
Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,
Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.

Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözde ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,
Dünýäde kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.

***

Söýgüde ädigem zerur

Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
ÝA başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.

Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup,
Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.

«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädiibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden, —
— Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.

Bir gowy gyz bardy, biçak owadan,
Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz.
Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.

Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.

Henizlerem söýýärin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, möhriban ady.
Durmuş-da bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.

Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok,
Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa.
Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.

***

Ýolagçy otlusyndaky oýlanma

Bir tarapyň Hydyr gören çägelik,
Bir ýanyň Hanhowuz gowaçalygy.
Bilýän, bir mahallar ýüregimiňem,
Şu meýdanlar ýaly sowajagyny.

Şoň üçin içmäge ýaran gözleýän,
Belki, o zat ýüregime em eder,
Taýyn men, heserdeş, ykbaldaş bilen,
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.

Bir gün säher bilen işigmi açyp,
Başy şlýapaly, ýakymsyz bir tip.
Golumy baglar-da, äkider türmä,
Dünýede düzgünsiz ýaşapsyň diýip.

Garynjaň öýjügni bozmadyk janym,
Neneň döz gelerin, beýle töhmede,
Şehit bolar töhmet okundan ölen,
Şonuň üçin gamgyn bolar söhbedem.

Ýollar nekrologa meňzär bigüman,
Gözlerim zar bolar toýdur-baýrama.
Bu dünýäniň ozalyndan kadasy,
Gülden aýra düşen bilbil saýramaz.

Hut şonuň üçinem içesim gelýär,
Belki, o zat ýüregime em eder.
Taýyn men, heserdeş, ýürekdeş bilen
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.

Çary ÝEGENMYRADOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu