Aktrisa Emma Stoun «Kruella» filminiň dowamynyň üstünde işlenilýändigini mälim edendigi barada, «kino.mail.ru» habar berýär.
Ýöne Emma Stoun filmiň haçan surata düşürilip başlanjakdygyny heniz bilmeýändigini belläp, filmiň üstünde mümkin boldugyça ir işe başlanjakdygyny aýtdy. «Bu örän täsin. Çünki Kruella duranja bomba. Hawa, göreris. «Hemme zat heniz başlangyç tapgyrda» diýip, Stoun aýdýar.
Ýatlap geçsek, «Kruella» filminiň birinji bölümi 2021-nji ýylda hödürlenipdi. Filmiň režissýory Kreýg Gillespi.
Film Dodi Smitiň «101 sany dalmatin iti» romanynyň filme geçirilen nusgasydyr we eseriň baş zalym gahrymany Kruella De Wiliň kemala gelşi barada gürrüň berýär. Baş keşpleri Emma Stoun we Emma Tompson ýerine ýetirýär.
«TürkmenGazet».