Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň keşbini janlandyrmakda ilkinji hem şowly synanyşyk edenleriň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewdir. Onuň döreden keşbi häli-häzire çenli beýik şahyra bagyşlanan nakgaşlyk hem grafika, heýkeltaraşlyk eserlerine esas bolup gelýär.
1947-nji ýylda suratkeşiň durmuşynda möhüm waka bolup geçýär: Aşgabatda Magtymgulynyň portretini döretmek babatynda döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Oňa gatnaşanlaryň biri-de beýik türkmen şahyrynyň keşbini ak parçanyň ýüzüne düşürmegi köpden bäri arzuw edip gelýän Surikow institutynyň üçünji ýyl talybydy.
Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görülýän günlerde halypa suratkeşiň «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetiniň 1956-njy ýylyň 6-njy aprelindäki 12-nji sanynda çap edilen «Magtymgulynyň keşbini nähili döretdim?» atly makalasynda bu barada giňişleýin maglumat berilýär.
Makalada beýan edilmegine görä, beýik alym şahyr Magtymgulynyň keşbini döretmek hakynda 1945-nji ýylda yglan edilen bäsleşik suratkeşi çuňňur pikirlenmäge mejbur etdi. Beýik akyldaryň keşbini döretmeli — bu, gör, nähili kyn we jogapkärli mesele. Türkmen halky öz söýgüli şahyryny nähiliräkdir öýdüp göz öňüne getirýärkä? Ussat suratkeş bu sowala jogap tapman, köp gezdi, galamdaş ýoldaşlaryndan maslahat sorady, oba adamlary bilen gürrüňleşdi we ahyr soňunda Garrygala (häzirki Magtymguly etraby) we Etrek sebitlerine gidip, alym şahyryň kowum-garyndaşlary bilen, ýaşulular bilen içgin pikir alyşdy.
Bu hysyrdyly işiň netijesi ýene bir eser döretmek üçin pessejik stoluň başynda oturan şahyry şekillendirýän meşhur portret bolýar. Eser bäsleşikde birinji orny eýeleýär, ýöne suratkeşe minnetdarlyk bildirmek üçin ýörite gelen şahyryň garyndaşlary tarapyndan suratyň kabul edilmegi Aýhan üçin has ähmiýetli waka bolýar.
1967-nji ýylda Aýhan Hajyýew dowamly döredijilik işi üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Suratkeş ömrüniň ahyryna çenli Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärlik kafedrasynyň talyplaryna “surat we şekillendiriş” sapagyndan ders berdi. Şu wezipede işlemek bilen, ol Türkmenistanyň taryhynda sungaty öwreniş ylmynyň ilkinji professory boldy. Ussat suratkeşiň şägirtleri – şekillendiriş sungatynyň ussatlary Anyýew Baýgeldi, Yzzat Gylyjow, Aman Kulyýew we başgalar hem bu ugurda ençeme işleri alyp bardylar. Munuň özi halypa-şägirtlik ýörelgesiniň dowamat-dowam tapýandygynyň subutnamasydyr.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.