Ankara şäherinde 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkiýedäki akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ankaranyň jemgyýetçilik ylymlary uniwersiteti hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi tarapyndan bilelikde guralan çärede jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi.
Doganlyk Türkiýede türkmeniň akyldar şahyryna aýratyn hormat goýulýar. Söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurtda edebi-medeni çäreler ýaýbaňlandyrylýar. TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda bolsa bu ugurdaky işleriň gerimini has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Çykyş edenler gürrüňi şu babatdaky söhbetlerden başladylar. Köpugurly türkmen-türk gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler, özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňde durýan möhüm wezipeler, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, golýazmalarynyň nusgalaryny öwrenmek boýunça bilelikdäki ylmy gözlegleriň netijeleri, akyldar şahyra bagyşlanyp geçiriljek dürli çäreler barada çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, beýik türkmen şahyrynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde türkiýeli alymlaryň hem uly goşandy bar, dürli ýyllarda ýurtda bu ugurda birnäçe ýygyndylar çap edildi. Magtymguly Pyragynyň Ankara şäherindäki ýadygärligi şahyryň iki halkyň hem belent hormat-sarpasyna mynasypdygyny, onuň eserleriniň ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde aýratyn orna eýedigini äşgär edýär.
Myrat BABAJANOW,
TOHI-niň agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.