Malaý halkynyň belli alymy, taryhçy şahyry we edebiýatçysy Raja Ali Haji (Raja Ali Haji bin Raja Haji Ahmad) 1808-nji ýylda Malaýziýanyň Selangor sebitinde dogulýar. Taryhçy alymyň Raja Hamidah, Raja Engku Amdah, Raja Haji Hasan atly 3 perzendi bolupdyr.
Dünýä halklaryna miras galdyran beýik eserleri Indoneziýanyň Bilim we Medeniýet ministrligi tarapyndan maddy däl medeni miras hökmünde ykrar edilip, 2004-nji ýylda şahyra «Indoneziýanyň milli gahrymany» derejesi berildi. Indoneziýanyň dil ösüşini kämilleşdirmekde saldamly goşant goşan alyma «Indoneziýa diliniň atasy» hem diýilýär.
Raja Ali Haji ençeme dillere terjime edilen şygyrlaryň, ylmy işleriň, dünýä belli eserleriň awtorydyr. «Gymmatly sowgat», «Malaý we Bugisleriň nesil şejeresi» kitaplary, «Abdul Mulukyň goşgusy», «On iki gurindam» poemalary, malaý diliniň ilkinji grammatikasy (Bustan al-Katibin) we düşündirişli sözlügi (Kitab pěngětahuan bahasa), «Dil bilimleriniň kitaby», «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miwesi» ýaly eserleri onuň döredijiliginde görnükli orun eýeleýär. Alymyň eserleriniň naýbaşysy hasaplanýan «Gymmatly sowgat» (Tuhfat al-nafis) kitabynda XIX asyrda Malaýziýanyň birnäçe sebitinde bolup geçen wakalar, ýyl ýazgylary giňişleýin beýan edilýär. «Tuhfat al-Nafis» arap dilinden terjime edilende «gymmatly sowgat» diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda kitabyň golýazmalarynyň 4-si bar. Olar 1890-njy ýylda göçürilýär we 1923-nji ýylda Londonyň «Royal Asiatic Society» žurnalynyň Malaýziýa şahamçasynda çap edilýär.
Musulman, taryhçy alym 1873-nji ýylda Indoneziýanyň Penýengat adasynda aradan çykypdyr.
Ýaşan manyly ömründe bitiren hyzmatlary, geljekki nesillere miras goýan gymmatly gollanmalary, ylmyň ösüşine goşan ägirt uly goşandy üçin Malaýziýada we Indoneziýada ençeme ýokary okuw mekdeplerine, medeni we taryhy edaralara, metjitlere, sport toplumlara, köçelere onuň ady dakylyp, alymyň hormatyna taryhy ýadygärlikler guruldy. Şeýle hem häzirki wagtda Indoneziýada Raja Ali Haji adyndaky hususy gazna hereket edýär.
Myrat BABAJANOW,
TOHI-niň agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.