SliderSyýahatçylyk

Dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri bolar

08-01-2024 / 14

Dubaý şäherinde «Dubai Reef» taslamasy esasynda dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar. Bu taslamanyň maksady daşky gurşawy goramakdan ybarat.

«Dubai Reef» taslamasy 600 inedördül kilometr meýdanda dürli ölçegli emeli rifleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Rif modullarynyň umumy göwrümi her ýyl ýedi million tonnadan gowrak uglerod tutmak ukyby bilen 400 müň kub metrden gowrak bolar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi merjen riflerini dikeltmäge, kenarýaka zolaklaryny goramaga we Dubaýyň kenarýakasynyň deňiz biodürlüligini dikeltmäge ýardam berer.

Bu taslama 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda işe giriziler we dört ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar. Emeli rifler deňiz ýaşaýjylarynyň dürli görnüşleri üçin öý bolup hyzmat eder, rifiň kömegi bilen Dubaýyň kenarýakasynda deňiz gubkalarynyň, ustrisalaryň, mollýuskalaryň, leňňeçleriň, deňiz ýyldyzlarynyň, kirpileriniň we balyklaryň dürli görnüşleriniň täze populýasiýasy köpeler.

Arzygül TÄŞLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu