Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda gyş paslynyň diňe bir aýazly, garly howasy bar diýip aýdyp bolmaz. Gyş paslynda säher bilen howa sowuk, ümürli bolsa-da, günortan Gün şöhlesini saçýar. Ýa bolmasa Güneşli asmany birden bulut gaplap, ýagyş ýagyp, soňra bolsa ýagyş öz ornuny gar bilen hem çalyşýan pursatlaryna duş gelendiris.
Howanyň üýtgäp durýandygyna garamazdan, hökman ýyly geýinmelidiris. Çünki gyş paslynda howa nähili üýtgäp durýanam bolsa, özüniň sowuk şemalyny ýanyndan goýýan däldir. Şonuň üçin hem bu pasylda ýyly geýinmek, sowuk ýerden gelnende gyzgyn içgileri içmek maslahat berilýär. Bu maslahatlar ýönekeý ýaly bolup görünýän hem bolsa, bedenimizde ýüze çykyp biljek birnäçe keselleriň döremeginiň öňüni alar we hassalyklardan gorar.
Her bir paslyň ajaýyplyklary, täsinlikleri bolşy ýaly, gyş paslynyň hem aýratynlygy kändir. Onuň sowukdygyna ýa yssydygyna garamazdan, her bir paslyň öz orny bardyr.
Aýnabat BAÝRAMGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.