PsihologiýaSlider

4 bagtly duýgy

Duýgularyň hem ýokuşýandygyny bilýärdiňizmi?

08-01-2024 / 34

Adamlar töweregindäki adamlaryň duýgularyna täsir edýärler. Gowy ýa-da erbet bolsun tapawudy ýok. Ýöne gowy duýgular bilen bulaşmakdan has gowy!

Gülki – gözlegiň netijesine görä, gülki ýokaşýar. Gepleşigiň mazmunyny bilmeseňizem, beýniňiz gülki sesine awtomatiki jogap berýär we ýüz myşsalaryny ýylgyrmaga taýýarlaýar.

Merhemet – biz birek-birege rehimdarlyk we söýgi bilen baglanyşýarys. Bu duýgyny beýleki adamlarda görenimizde diýseň begenýäris. Kimdir biri hoşniýetlilik alsa, köplenç başgalaryna ýagşylyk etmäge özüni borçly duýýar.

Şatlyk – özüňizi ruhdan düşürýärsiňizmi? Onda sizi şatlandyrjak dostlaryňyz bilen habarlaşyň. Adamlaryň şatlygy töweregindäki iň ýakyn adamlara baglylykda üýtgeýändir. Daş-töweregiňizde bagtly adamlar bar bolsa, özüňizi has bagtly duýarsyňyz.

Optimizm – bu köplenç ýagdaýda ýokuşýan duýgydyr. Oňyn adamlar köplenç töweregindäkilere ýagtylyk çeşmesi hökmünde seredilýär.

Gülçemen PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu