2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutymyzyň professor – mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimziň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary çykyş etdiler. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda institutymyzyň çeper-höwesjeňler topary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar öwüşgin çaýdy.
Çykyşlaryň dowamynda institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenen hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda gazanan üstünlikleriniň beýan edilmegi bilen baglanyşykly öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar.
Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.