Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peska Brýusseliň Türkmenistan bilen ähli taraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Beata Peska täze gatnaşyk barada şeýle pikiri öňe sürýär: «Biz 2024-nji ýylda dürli ugurlarda Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýarys. Dünýä üçin kyn bolan bu ýyly yzda galdyrmak bilen, biz ýüregimizde täze ýylyň bize parahatçylyk we adalatlylyk, rowaçlyk, üstünlik we täze öňegidişlikleri getirjekdigine bolan berk ynamy saklaýarys».
Şeýle-de, ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynda geçen ýylda gazanylan üstünlikleri bellemek bilen, ýurduň Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa ministrler duşuşygyna gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi.
Amangeldi ARAZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.