SliderTehnologiýa

«Lamborghini»-niň stilinde döredilen smartfon

08-01-2024 / 91

«Rbc».ru -nyň habar bermegine görä, «Xiaomi» Italiýanyň awtoulag markasy bolan  meşhur «Lamborghini» -niň stilinde döredilen «Redmi K70 Pro» smartfonlarynyň çäklendirilen seriýasyny çykardy.

Bu enjamdan bary-ýogy 40 nusgada öndürilip, awtoulag markasynyň iki şereket öwüşgininde – sary we ýaşyl reňkleri peýdalanyldy. Täze önümler «Lamborghini Essenza SCV12» sport awtoulagynyň ruhundaky dizaýny bilen «Redmi K70 Pro» -nyň adaty görnüşinden tapawutlanýar. Häzirki wagtda Android enjamlary üçin elýeterli iň güýçli prosessorlardan biri bolan «Qualcomm Snapdragon 8 Gen» 3 çipset bilen üpjün edilendir. Täze önümler 24 Gb RAM bilen bilelikde işleýär, maglumat saklaýyş kuwwaty 1 TB. Smartfonda 2K durulykda OLED ekrany, 50 megapiksel esasy kamera, 50 megapiksel telefon linzasy we ultra giň burçly linzaly 12 megapiksel kamera ýerleşdirilendir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu