5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.
«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze uçaryň eýýäm Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrandygyny bellemek gerek. Iki ýurduň paýtagtlary — Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.