Siziň üçin...Slider

Iň uly elektrik ýahtasy

06-01-2024 / 2

«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bolan «BMW» «lýuks» derejeli gämileri öndüriji «Tyde» kompaniýasy bilen bilelikde dünýädäki iň uly we iň kaşaň elektrik ýahtasyny döretmäge taýýarlanýar.

Maglumatlara görä, «Open Tyde» diýlip atlandyryljak ýahtanyň uzynlygy 14,7 metr, ini bolsa 4,5 metr bolar. Gäminiň suw sygymy 11,5 tonna bolar. Ýahta hersi 100 kW kuwwatly iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler.

«Open Tyde» gämisiniň 400 kWt batareýasynyň bir zarýadda geçýän aralygy kadaly deňiz tizliginde takmynan, 50 deňiz miline deň bolar. Gäminiň üçegi ýüzüş aralygyny artdyrmak üçin Gün panelleri bilen örtüler. «Tyde» bilen «BMW» -niň öňki bilelikdäki taslamasy bolan – «The Icon» atly kaşaň elektrikli kater «BMW i3» elektrik awtoulagynyň akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu