Siziň üçin...Slider

Melhemler hazynasynyň düri

05-01-2024 / 2

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri.

Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Ak üzümiň kişmişiniň 2 nahar çemçesini 1 käse suwa atyp, syrçaly gapda pessaý ýanýan otda 10 – 15 minutlap gaýnatmaly. Soňra 1 nahar çemçesi sogan şiresi bilen garyp, süzmeli. Ses gyrlanda günde 3 – 4 gezek käsäniň üçden bir bölegi möçberinde ýylylygyna kabul etmeli. Oňa bal garyp içmek hem mümkindir.

Aterosklerozda 1 – 1,5 aýlap günde 3 gezek nahardan öň 1 käse üzüm şiresini içmeli.

Üzüm halk lukmançylygynda böwrek, öýken, bagyr kesellerinde, gipertoniýada, içgeçmede, ganda holesteriniň derejesi ýokarlananda ulanylýar. Basykda, parodontozda onuň jöwheri bilen agyz we bokurdak çaýkalýar.

Narjemal RÜSTEMOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu