Siz günüň dowamynda azajyk hem bolsa, çeper edebiýaty okaýarsyňyzmy? Eger-de okamaýan bolsaňyz, haýp. Çünki şeýtmek bilen siz akyl we ruhy taýdan gaty köp zady ýitirýärsiňiz. Alymlar okamagyň adama köp sanly inkär edip bolmajak peýdalary getirýändigini birwagtlar subut etdiler. Netije-de, kitap okamak:
Aňy ösdürýär. Alymlaryň geçiren köp sanly barlaglarynda adam beýnisiniň çeper edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmagynyň huşsuzlyk ýa-da alsgeýmer ýaly keselleriň döremek howpuny ep-esli azaldýandygy ýüze çykarylypdyr. Beýni hem güýçli we sagdyn bolmak üçin beýleki myşsalar ýaly türgenleşige mätäçdir.
Söz baýlygyňy artdyrýar. Siziň söz baýlygyňyz her bir täze kitap bilen artýar. Näçe köp okasaňyz, şonça-da manyly we sypaýy gürlärsiňiz. Bu bolsa öz gezeginde, özüňize bolan ynamyňyzyň artmagyna goşant goşýar we durmuşda üstünlik gazanmagyňyza sebäp bolýar.
Ýadyňy gowulandyrýar. Bir romany okap, wakalary yzarlaýarkaň, köp sanly gahrymanlary, olaryň başdan geçiren wakalaryny, duýgularyny we başga-da köp-köp jikme-jiklikleri ýatda saklarsyňyz.
Seljeriş endikleriňi ösdürýär. Okyjy, köplenç, detektiw romany okaýarka, kitaby heniz doly okap gutarmanka, ondaky esasy syry açýar. Bu bolsa öz gezeginde kitapdaky maglumatlar özleşdirilende, seljeriş ukybyňy artdyrýar. Haçan-da kitapdaky maglumatlary we wakalary aňyňa siňdireniňde, kitaba bolan garaýyşlar we bellikler ýüze çykýar.
Ünsüňi güýçlendirýär. Kitap okanynda okyjynyň ähli ünsi hekaýa gönükýär, daşardaky wakalary bolsa unudýar. Irden ýolda biraz kitap okasaňyz, işde ýa-da okuwda ünsüňizi jemlemek aňsat bolar.
Ýazuw endigiňi ösdürýär. Söz baýlygyňyzyň artmagy bilen bir wagtda, ýazuw endikleriňiz hem kämilleşýär. Sebäbi gowy ýazylan eser has gowy ýazmaga ruhlandyrýar.
Rahatlandyrýar. Kitap okamak bilen dynç alýarsyňyz, çünki okaýan zatlaryňyz içki rahatlyk duýguňyzy artdyrýar.
Ýakymly duýgulara besleýär. Kitaplaryň güýmenje çeşmesi hiç wagt gutarmaýar, olar elmydama ýakymly duýgulara besleýär.
Onda, siz hem hut şu günden başlap kitap okamaga başlaň!
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.