Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Baş arçanyň ýanynda geçirilen dabara gatnaşdy.
Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemledi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnanan Aşgabadyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen çykyş etdi.
Birnäçe pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra baýramçylyk feýerwerki öwşün atdy. Täze — 2024-nji ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy. Goý, Täze ýylda biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun!