29-njy dekabrda “Ruhyýet” köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Soňra bu karar dolulygyna okaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.