SliderŽurnalistiň sahypasy

2026-njy ýyl — «Halkara meýletinçiler ýyly»

28-12-2023 / 21

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Gazagystanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýyly «Halkara meýletinçiler ýyly» diýip yglan etdi. Bu başlangyjy Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň münberinden 2020-nji ýylda öňe sürüpdir.

Gazagystandan başga-da, Halkara meýletinçiler ýylyny yglan etmek barada rezolýusiýany Ermenistan, Boliwiýa, Germaniýa we Keniýa teklip etdi. Bu resminamanyň awtorlary bolup Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 54-si çykyş etdi.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 20-21-nji iýulynda Astanada Gazagystanyň prezidentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň hem-de 30-dan gowrak ýurtdan meýletinçileriň gatnaşmagynda «Halkara meýletinçiler forumy» geçirilipdi.

Abdyrahman HABYÝEW,
TOHI-niň agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu