Siziň üçin...Slider

Täze ýylyň nyşanlary

28-12-2023 / 4

Dünýä halklarynyň iň söýgüli baýramy Täze ýyl hasaplanýar. Oňa çagalar bilen bir hatarda, ulular hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu baýram bilen baglanyşykly her ýurtda dürli-dürli däp-dessurlar, yrym-ynançlar duş gelýär. Beýleki halklarda bolşy ýaly biziň halkymyzda hem baýramçylyk agşamy ýüregiňde beslän ähli arzuwlaryň Täze ýylda hökman amala aşýandygyna ynanýarlar. Täze ýyl arçasy, Aýazbaba we baýramçylyk saçagy Täze ýylyň esasy nyşanlarydyr.

Täze ýyl arçasy

Amerikada ilkinji Täze ýyl çyrasy 1955-nji ýylda Ak öýüň öňündäki arçada ýakylypdyr.

* * *

Täze ýyl arçalaryny iň köp satýan ýurt Daniýa hasaplanýar.

* * *

Russiýada Täze ýyl arçasyny diňe süýjülikler bilen bezemek däbi bar.

* * *

Täze ýyl arçasyny bezemek däbi ilkinji gezek Germaniýada peýda bolupdyr diýlip çaklanylýar.

* * *

Fransiýada ilkinji gezek Täze ýyl arçasy 1807-nji ýylda Napoleon I buýrugy bilen oturdylýar.

* * *

Täze ýyl arçasy üçin oýnawaçlar ilkinji gezek Skandinawiýada öndürildi.

* * *

Aýazbaba

Gar adamyny ýasamak XX asyrda döräp başlapdyr.

* * *

Fransiýada Aýazbabany Pýer Noel diýip atlandyrýarlar. Ol öz sowgatlaryny çaga aýakgaplarynda galdyrýar.

* * *

Irki döwürlerde Aýazbabalar sowgatlary adamlardan alypdyrlar.

* * *

Aýazbaba gadymy slawýanlaryň rowaýatlarynda hem duş gelýär.

* * *

Fin Aýazbabasy Laplandiýada ýaşaýar.

* * *

Irlandiýada we Angliýada Aýazbaba Täze ýyl sowgatlaryny joraplarda ýerleşdirse, Meksikada köwüşleriň içinde goýýar.

* * *

Baýramçylyk saçagy

Täze ýyl tagamlaryny taýýarlamakda Ýewropada zenjebil giňden ulanylýar.

* * *

Braziliýada baýramçylygyň esasy tagamy merjimek çorbasy bolup, ol bagtly we abadan durmuşyň nyşany hasaplanýar.

* * *

Awstraliýada Täze ýyl saçagynda aw etinden taýýarlanan naharlar goýulmaýar.

* * *

Skandinawlaryň söýgüli Täze ýyl tagamy tüwi şülesidir.

* * *

Italiýada Täze ýyl saçagyna üzüm we hoz goýýarlar. Bu olarda saglygyň, uzak ýaşamagyň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar.

* * *

Mähriban Diýarymyzda hem Täze ýylyň toý saçagyny her ýylyň eýesiniň hoşuna geläýjek nygmatlar bilen birlikde, milli tagamlar bilen bezemek asylly däbe öwrüldi.

Mamajan GURBANOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu