Dymyşlyk
Bu ýolda umytlar hemramyz bolar,
Biz bagty taparys umyda görä.
Tirpildeýär mañlaýdaky ýygyrtlar,
Süýtde gaýmak döräp başlaýar göýä.
Şeýdip oýlanýarsyñ näm barasynda,
Başyñda göterýäñ haýsy hyýaly?
Dymýarsyñ
Tupanyñ öñsyrasynda,
Däli derýalaryñ dymyşy ýaly.
Sen näme-de bolsa bir zat diý ahyr,
Ýere bakyp dymdyñ duşuşykdan soñ.
Gorkýan, gorkýan,
Ýowuz-ýowuz täleýli
Wulkanlar atylýar dymyşlykdan soñ.
***
Meniň haýyşym
Kemsinen kalbyma seň mähriň gerek,
Şonuň üçin adyň dilimde sena.
Kaka!
Gyýym-gyýym gyýylýar ýürek,
Sen basymrak,
Sen basymrak gelsene.
Gel, bile gyşlaly Türkmeniň gyşyn,
Ýatyr toprak ak donuna dolanyp.
Synlaly tilkini tazyň kowuşyn,
Gezeli towşanyň yzyny çalyp
Agşam.
Aý astynda basyp barmagma,
Sanaýyn,
Sanaýyn sansyz ýyldyzy.
Ýa şol ertekiňi aýdyp ber maňa:
Söýýän şazadany söýmedik gyzy.
Guşlar oýananda,
Oýar meni-de,
Sähraň säherinden gansyn gözümiz
Nazarymyz galsyn Ýeriň görkünde,
Başarsak, galaly biziň özümiz.
Sensiz…
Basym garlar erär,
Sil joşar,
Ýok, ýok beýle zatlar bolup bilmez hiç.
Gyşyň gary geleriňe garaşar,
Men bolup garaşar şol güne deňiç.
Gelseň, gözi ýolda galan gar erär,
Ony damaryna ýaýradar toprak.
Şahalarda baldak dörär,
Gül dörär,
Bürär zeminimi gül bilen ýaprak.
Ah, saňa garaşýas,
Basymrak gel sen,
Bir wagt dünýämden ötenem bolsaň…
***
Mart geler welin…
Asman kükrär, bahar sygmaz gündize,
Gijelere sygmaz, çyrpynar zemin.
Men hökman aýdaryn saňa şol sözi,
Dillerim açylar mart geler welin.
Bahar möwç alar-da, bahara sygmaz,
Ýalançy meýmirär mylakatynda.
Ýürek göwrä sygmaz, ser dünýä sygmaz,
Men aýdym aýdaryn seniň hakyňda.
Aýtmajak bolsamam, barybir menden,
Biygtyýar maňa aýtdyr bu mahal.
Gelin owsunyndan, gyzyň ysyndan,
Jahyl höwesinden ýasalan bahar.
Bogun-bogun söker ýaýdançlarymy,
Köňle ynam çöker, galkynar göwün.
Aýdymda aýdaryn aýtjak sözümi,
Kimdigim undaryn mart geler welin…
Gurbandurdy GELDIÝEW,
şahyr.