Habarlar

Ýurdumyzyň raýatlary «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglanyldy

28-12-2023 / 4

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine uly goşant goşýan watandaşlarymyz, şol sanda bagtyýar ýaşlarymyz sylag-hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, sungaty, bilimi we saglygy goraýşy hem-de beýleki pudaklary yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmekde, şeýle hem türkmen sportunyň halkara abraýyny belende göterip, şöhratyny ýokarlandyrmakda, sport boýunça okuw-türgenleşik hem-de terbiýeçilik işlerini döwrebap ýola goýmakda, sport toparlaryny taýýarlamakda goşan şahsy goşandyny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işini, halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny nazara alyp, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

80238-nji harby bölümiň anesteziologiýa we reanimasiýa bölümçesiniň müdiri Guwançmuhammet Öwlýäguly ogly Orazowy;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurorynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik ugry boýunça uly kömekçisi Bibigül Baýramgulyýewna Ýagşymädowany;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri Döwran Myratberdiýewiç Amanmyradowy;

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Sanly howpsuzlyk we awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary müdirliginiň müdiri Muhammetmyrat Atadžanowiç Geldiýewi;

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 9-njy müdirliginiň 4-nji bölüminiň 1-nji bölümçesiniň uly dessin ygtyýarly wekili Goçmyrat Altymyradowiç Jumanyýazowy;

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň baş karargähiniň Aragatnaşyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy müdirliginiň maglumat dolandyryş bölüminiň maglumat tehnologiýasy bölümçesiniň uly hünärmeni Nazar Feruz ogly Azimowy;

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy Geldimuhammet Muhammetgeldiýewiç Çaryýewi;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň gözegçisi Mežnun Allamyradowiç Öräýewi;

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň raýatlyk bölüminiň gözegçisi Yrsgal Döwletowiç Rasulowy.

*

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň kömekçisi Begmyrat Gurbangeldiýewiç Baýmetowy;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň önümçilik-tehniki bölüminiň hünärmeni Jahan Maksatmyradowna Annaberdiýewany;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň oba hojalygyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň hünärmeni Rozymyrat Haiýtmuradowiç Medowy;

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň maliýe monitoring bölüminiň müdiri Begmyrat Baýramdurdyýewiç Kakalyýewi;

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiki maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Awezmyradowiç Annamyradowy;

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji sehiniň desga başlygy Şaguly Durdygylyjowiç Hojaýewi;

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň gurluşyk materiallarynyň we zähmet boýunça harçlamalaryň ölçegleri bölüminiň başlygy Didarberdi Rejepmyradowiç Mätiýewi;

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Rahmanowiç Döwletowy;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Serdarowiç Muhammetdurdyýewi;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça ulag gözegçiligi gullugynyň ýollar boýunça gözegçisi Nowruz Allanurowiç Ataýewi;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň başlygy Gowşut Täçmyradowiç Şadurdyýewi;

«Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Azat Orazgeldiýewiç Anzarowy;

«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň direktory we esaslandyryjysy Gündogdy Gurbangeldiýewiç Atakowy;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanowy;

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Muhammetdurdyýewiç Mämmedowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň müdiriniň endokrinologiýa toplumy boýunça orunbasary Sapar Myratowiç Gurbanowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň ortopediýa bölüminiň ortoped lukmany Izzat Rustamowiç Rozmetowy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň inžener-fizigi Ylýas Nazarmedowiç Saparowy;

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň ylmy işgäri Berdi Rahmanberdiýewiç Berdiýewi;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Selbi Gylyjowna Iomudowany;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Ahmet Batyrowiç Amandurdyýewi;

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen jigitleri» toparynyň sahna ussady Lilianna Ahmedowna Ýusupowany;

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwran Muradowiç Şammyýewi;

Arkadag şäheriniň häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Batyr Ballyýewiç Kurbanmuradowy.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň kuraş görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Dörtguly Tejenowa;

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Şirin Permanowna Kubaýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji dekabry.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu