Habarlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

28-12-2023 / 6

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekde, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekde döwrebap, kämil eserleri döredendiklerini, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendiklerini, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklaryny nazara alyp, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýaşlaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we her bir ýeňijini Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Serdarowiç Çaryýewi;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnar Gurbanmyradowna Geldimyradowany;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Merjen Berdiýewany;

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň buhgalteriýa bölüminiň 1-nji derejeli buhgalteri Çarygeldi Nurmyradowiç Gurbanowy;

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy Kakajan Hojagurbanowiç Çaryýarowy;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Rejepowna Myradowany;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Salyh Mämmetsapar ogly Saparmämmedowy;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangül Mämmetnazarowna Bekbaýewany;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň önümçilik meseleleri boýunça orunbasary Isgendermuhammet Annamuhammedowiç Annamuhammedowy;

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti Guwançmyrat Amanmämmedowiç Allanazarowy;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Agamuradowiç Hudaýberdiýewi;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Annageldi Öwezmuhammedowiç Annaýewi;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň ikinji derejeli mugallymy Kerim Gadamowiç Jumagulyýewi;

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada artistleri toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Üýşenmyrat Meretmuhammedowiç Annanurowy;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowany.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji dekabry.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu