SliderŽurnalistiň sahypasy

Tejribe — möhüm şert

27-12-2023 / 16

Her ýylyň özboluşly aýratynlygy bolýar. 2023-nji ýyl ýurdumyzyň taryhy senenamasyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde möhürlendi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir ýurduň kuwwaty onuň ýaşlary bilen kesgitlenilýär. Bu ugurda olaryň bilimli-sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary möhüm bolup durýar. Şu ýylyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň ençemesi dürli ugurlarda geçirilýän bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda üstünlikleri gazandylar. Şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hem dürli ugurlardan üstünlik gazandylar. Şeýle-de şu ýylyň noyabr aýynda institutyň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen toparyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda bolmaklary diplomatik ulgamda tejribe alyşmakda geljekki alnyp baryljak işleriň gerimini giňeltmekde başlangyç ädim boldy.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary saparyň çäklerinde,  Diplomatik akademiýada alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Halifa Bilim we tehnologiýalar uniwersitetiniň professory Diana Frensis ýörite okuw sapagyny geçip, häzirki wagtda adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meseleleri, hususan-da, çölleşmäniň, suw joşgunlarynyň, gurakçylygyň we beýleki tebigy hadysalaryň ýetirýän ýaramaz täsirleri barada gürrüň berdi. Saparyň dowamynda syýasatşynas Halfan Al Suwaid talyplara daşary syýasat, ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhy, häzirki ýagdaýy barada berlen maglumatlar hem gyzykly boldy. Şeýle-de Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň professory Muhammad Olimatyň dünýädäki geosyýasy, geoykdysady ýagdaýlara bagyşlanan okuw sapagy, öz gezeginde, geljekki diplomatlar üçin halkara syýasat bilen bagly bilimlerini, gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Dostlukly ýurduň diplomatik ugurly bilim ojagyna guralan okuw sapagynyň çäklerinde institutyň mugallymlarydyr talyplary Abu-Dabi şäheriniň gözel künjekleri bolan Şeýh Zaýed metjidine, «Luwr Abu-Dabi» medeni desgasyna, «Kasr Al Watan» Prezident köşgüne, «Kasr Al Hosan» ýadygärligine baryp gördüler. Munuň özi BAE-niň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, gadymy we häzirki zaman sungat eserleri bilen has içgin tanyşmaga giň mümkinçilik berdi.

Döwletleriň arasynda ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, şeýle-de biz — talyp ýaşlaryň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň tejribelerini öwrenmegimiz, öz saýlap alan hünärimiz boýunça ussat hünärmenler bolup kemala gelmegimiz ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Merjen JUMAGYLYJOWA,
T
ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu