Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitaby Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda halkymyza Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan ajaýyp sowgat boldy.
25-nji dekabrda geçirilen iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä sowgat boljakdygyny nygtady.
Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hakykatdan-da, üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitlere nazar aýlanyňda, ýurdumyzda ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde we jemgyýetiň kämilleşmeginde uly ornunyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bolsa häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin watansöýüji, merdana nesilleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Abadan SUWHANOWA,
Çärjew etrabynyň Farap şäher 24-nji çagalar bakja bagynyň müdiri.