Täze ýyly garşylaýan gözel Aşgabatda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrýar. Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda guralmagy asylly däbe öwrülen daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerinde bu gezek meşhur rus estrada ýyldyzlary Nýuşa Şuroçkina we Olga Şultaýs, eýranly sungat ussady Emin Rasen, türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş çykyş edýär. Geliň, olar bilen ýakyndan tanşalyň!
Emin Rasen
Asly türkmen bolan eýranly aýdymçy Emin Raseniň 24-nji dekabrda Aşgabatda baýramçylyk konsertine badalga berip, özüne meşhurlyk getiren aýdymlaryny ýerine ýetirmegi ildeşlerimiz üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek konsert berýän Emin Raseniň, esasan, rep žanryndaky aýdymlary bilen adygyp, olary türkmen dilinde ýerine ýetirýändigini aýratyn bellemelidir.
Burak Bulut we Kurtuluş Kuş
Türkiýeli aýdym ýyldyzlary Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň 25-nji dekabrda geçirilen konsertde ýerine ýetiren aýdymlary hem özboluşly sungat baýramçylygyna gatnaşan aýdym-saz muşdaklaryna lezzet paýlady.
27 ýaşly Burak Bulut we 26 ýaşly Kurtuluş Kuş dostlukly ýurduň meşhurlygy barha artýan ýyldyzlarydyr. Bilelikdäki çykaran «Söýmedim diýme» atly aýdymy bolsa iki sungat ussadynyň hem has tanymal bolmagyna kömek etdi.
Nýuşa Şuroçkina we Olga Şultaýs
Russiýanyň abraýly aýdym-saz bäsleşiklerinde ençeme gezek baýrakly orunlary eýeläp, muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Nýuşa Şuroçkina soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk konsertleriniň arzyly myhmanyna öwrüldi. Onuň döredijiligi ýatdan çykmajak kompozisiýalary bilen tapawutlanýar. Nýuşanyň Türkmenistanda üçünji konsertiniň şu gün — 26-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda guralýar. Bu gün onuň bilen bile rus estrada aýdymçysy we kompozitory Olga Şultaýs hem sahna çykar. 1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inen Olga Şultaýs hem Russiýada geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesiniň ýeňijisi. Şeýle-de ol sungat muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan aýdymlaryň awtory hökmünde bellidir.