Siziň üçin...Slider

Aýazbaba nirede ýaşaýarka?!

25-12-2023 / 3

Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbabadan sowgada garaşmaýan ýok bolsa gerek. Eýsem, siz her Täze ýylda uzak-uzak ýollar aşyp, garly daglardan geçip sowgat paýlaýan Aýazbabanyň obasynyň, iş ýeriniň bardygyny eşidipmidiňiz?

Hakykatdan hem, şeýle oba bar. Finlýandiýanyň Demirgazyk polýusa ýakyn Rowaniýe şäheriniň golaýynda Aýazbaba obasy (Santa Claus Village) bar. Bu ýerde Aýazbabanyň iş otagy bilen bilelikde poçta bölümi, sugunlar we çagalar üçin güýmenje seýilgähi bar. Demirgazyk polýusyna golaý bolan bu oba 1985-nji ýylda esaslandyrylypdyr.

Ertekileri ýatladýan şähere dekabr aýynyň gelmegi bilen dünýäniň dürli ýerlerinden müňlerçe myhman barýar. Obada Demirgazyk polýusynyň başlanýan ýeri çyzyk bilen görkezilipdir. Obanyň poçta bölüminde Täze ýyl sowgatlarynyň ýüzlerçe görnüşi satylýar.

Poçta bölümine her ýylda dünýäniň dürli ýerindäki körpeleriň Aýazbaba ýazýan hatlarynyň 600 müňi gelip gowuşýar. Emma internetiň işjeň ulanylmagy netijesinde Aýazbaba hatlary elektron görnüşde hem kabul edip başlapdyr. Internet arkaly her ýylda 10 milliondan gowrak hat Aýazbaba iberilýär. Daşyna “Santa Claus, 96903, Arctic Circle, Finland” diýlip ýazylan hatlar Aýazbaba gowşurylýar.

Ýazly SEÝILHANOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu