Siziň üçin...Slider

Änew şäheri — 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty»

25-12-2023 / 3

Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Şol Meýilnama laýyklykda, Änew şäheriniň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezjek halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilip, şu günlerden oňa ykjam taýýarlyk görülýär.

Belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly göwün göteriji dabaralara hem-de şatlykly wakalara juda baý boldy. Her güni uly üstünliklere beslenen ýylymyzyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Bu ýylda hoş habarlaryň goşa-goşadan gelmegi döwletliligiň alamaty bolup, bütin halkymyzyň göwnüni joşdurdy. Şoňa görä-de, 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Gadymy Änew şäheriniň Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi bu ýerde taryhyň ýaňyny görüp, duýup bolýar. Çünki Änew taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älemdir. Belent-belent depeleriň, beýikli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllary henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Şundan ugur alsak, adamzat ýaşaýşy üçin iň zerur iýmit Änew topragynda ýetişdirilip, ilkinji oturymly ýaşaýyş, ilkinji suwarymly ekerançylyk, ilkinji hojalyklar we jemgyýetler, ilkinji medeniýetler şu ýerde peýda bolup başlapdyr. Şeýle-de bu ýerdäki Seýit Jemaleddiniň ýadygärlikler toplumy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Mawlida NARKULOWA,
Köýtendag etrabynyñ Megejik oba medeniýet öýüniñ müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu