Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar düýn «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.
Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.
Birinji ýarymy «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşygyň 52-nji minutynda ýene-de A.Bäşimow sahna çykyp, toparynyň ikinji goluny hem geçirdi. Final duşuşygynyň jemleýji “sözüni” ýarym goragçy Ilýa Tamurkiniň 68-nji minutda geçiren goly “sözledi”.
Şeýlelikde, «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi.
Meýlis DÖWLETOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.