Ählimiziň iýmekden lezzet alýan miwämiz bolan bananyň peýdasy bolşy ýaly, onuň gabygy hem şonuň ýaly peýdalydyr. Sebäbi banan gabygynda demir, kaliý we B, K we C witaminleri bar.
Banan gabygynyň tebigy antibiotik täsiri bar. Gije ýatmazdan ozal gabyk bilen ýüzüňizi arassalap, düwürtikleriňize sürtüp bilersiňiz.
Düzüminde kaliý bolan banan sizi ýürek kesellerinden, myşsalardan we nerw ulgamynyň bozulmalaryndan goraýar. Bananlaryň gipertoniýa bilen baglanyşykly oňyn peýdalary hem bar.
B6 witamine örän baý bolan banan, uly içege, böwrek we düwnük kesellerinden goramakda örän peýdalydyr.
Dişleriňizi ýuwmak üçin banan gabygyny ulanyp bilersiňiz. Bananyň gabygyny dişleriňize gowy edip sürtüň. Soňra agzyňyzy açyp 10 minut garaşyň. Ahyrynda, gury diş çotgasy bilen 2-3 minut dişleriňizi çotgalaň.
Kaliý derini iýmitlendirýär, şonuň üçin banan aýakgabyňyz üçin ajaýyp guraldyr. Aýakgabyňyzy bananyň gabygy bilen sürtüň we birnäçe minut garaşyň. Soňra köwşüňizi ýumşak mata bilen arassalaň.
Ýusup MAHEMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.